Anna, 10 Iýul 2026

Microsoft kompaniýasy 2026-njy ýylyň maý aýynyň howpsuzlyk täzelenmelerini çykardy

Microsoft kompaniýasy 2026-njy ýylyň maý aýynyň «Sişenbe düzedişleriň» çäginde programma üpjünçiliginiň birnäçe gowşaklyklaryny aýyrmak üçin howpsuzlyk täzelenmelerini çykardy.

Düzedilen gowşaklyklaryň arasyndan 61 sany gowşaklyk – hukuklary artdyrmak, 6 - howpsuzlyk çäklendirmelerini aýlanyp geçmek, 31 - uzaklykdan kod ýerine ýetirmek, 14 – maglumatlary aýan etmek, 8 - «hyzmat etmekden ýüz öwürmek» ýagdaýyna getirmek we 13 – spufing amala aşyrmak mümkinçilikleri berýärler.

Şeýle hem, Microsoft kompaniýasy «Sişenbe düzedişleriň» çäginde Microsoft Office, Word we Excel-de uzaklykdan kod ýerine ýetirmek mümkinçiligi berýän köp sanly howpsuzlyk gowşaklyklary düzetdi.

Şu aýyň düzedişler toplumy birnäçe örän howply gowşaklyklar üçin düzedişleri hem öz içine alýar, bu gowşaklyklar:

  • CVE-2026-35421 - Windows GDI uzaklykdan kod ýerine ýetirmek gowşaklygy;
  • CVE-2026-40365 - Microsoft Sharepoint Server uzaklykdan kod ýerine ýetirmek gowşaklygy;
  • CVE-2026-41096 - Windows DNS Client uzaklykdan kod ýerine ýetirmek gowşaklygy.

Gowşaklyklar we täzelenmeler barada goşmaça maglumaty Microsoft kompaniýanyň 2026-njy ýylyň maý aýynyň howpsuzlyk täzelenmeleri sahypasynda görüp bilersiňiz – microsoft.com.

Çeşme: bleepingcomputer.com

19 Maý 2026

-
7