Anna, 10 Iýul 2026

2026-njy ýylyň mart aýynyň Android täzelenmeleri köp sanly gowşaklyklary düzetdiler

Google kompaniýasy 2026-njy ýylyň mart aýynyň Android üçin howpsuzlyk maslahatyny neşir etdi, bu howpsuzlyk täzelenmeler toplumy köp sanly howpsuzlyk gowşaklyklary aýyrmak üçin düzedişleri öz içine alýar.

Howpsuzlyk täzelenmeleriniň birinji bölüminiň (2026-03-01) çykmagy bilen jemi 51 sany gowşaklyklar düzedildi. Bu gowşaklyklar Framework we System düzüm böleklerinde düzedildi. Bu gowşaklyklara 33 sany hukuklary artdyrmak, 10 sany gizlin maglumatlary aýan etmek, 7 sany «hyzmat etmekden ýüz öwürmek» (DoS) ýagdaýyny getirmek we 1 sany uzaklykdan kod ýerine ýetirmek üçin mümkinçilikleri berýän gowşaklyklary girýär.

2026-njy ýylyň mart aýynyň düzedişler toplumynyň ikinji bölümi (2026-03-05) Kernel, Arm, Imagination Technologies, MediaTek, Misc OEM, Unisoc we Qualcomm düzüm böleklerinde jemi 66 sany gowşaklyklar üçin düzedişleri öz içine alýar.

Android howpsuzlyk maslahatynda, howpsuzlyk gowşaklygy (CVE-2026-21385) ulanylýan bolmagy mümkin diýip bellenýär.

Gowşaklyklar we täzelenmeler barada goşmaça maglumaty Android howpsuzlyk maslahatynda görüp bilersiňiz - android.com.

 

04 Mart 2026

-
30