Anna, 10 Iýul 2026

2025-nji ýylyň dekabr aýynyň Android täzelenmeleri köp sanly gowşaklyklary düzetdiler

Google kompaniýasy 2025-nji ýylyň dekabr aýynyň Android üçin howpsuzlyk maslahatyny neşir etdi, bu howpsuzlyk täzelenmeler toplumy köp sanly howpsuzlyk gowşaklyklary aýyrmak üçin düzedişleri öz içine alýar.

Howpsuzlyk täzelenmeleriniň birinji bölüminiň (2025-12-01) çykmagy bilen jemi 51 sany gowşaklyklar düzedildi. Bu gowşaklyklar Framework we System düzüm böleklerinde düzedildi. Bu gowşaklyklara 36 sany hukuklary artdyrmak, 8 sany gizlin maglumatlary aýan etmek we 7 sany «hyzmat etmekden ýüz öwürmek» (DoS) ýagdaýyny getirmek mümkinçilikleri berýän gowşaklyklary girýär.

2025-nji ýylyň dekabr aýynyň düzedişler toplumynyň ikinji bölümi (2025-12-05) Kernel, Arm, Imagination Technologies, MediaTek, Unisoc we Qualcomm düzüm böleklerinde jemi 56 sany gowşaklyklar üçin düzedişleri öz içine alýar.

Android howpsuzlyk maslahatynda, howpsuzlyk gowşaklyklary (CVE-2025-48572, CVE-2025-48633) ulanylýan bolmagy mümkin diýip bellenýär.

Gowşaklyklar we täzelenmeler barada goşmaça maglumaty Android howpsuzlyk maslahatynda görüp bilersiňiz - android.com.

03 Dekabr 2025

-
31