Duşenbe, 13 Oktýabr 2025

2025-nji ýylyň sentýabr aýynyň Android täzelenmeleri köp sanly gowşaklyklary düzetdiler

Google kompaniýasy 2025-nji ýylyň sentýabr aýynyň Android üçin howpsuzlyk maslahatyny neşir etdi, bu howpsuzlyk täzelenmeler toplumy köp sanly howpsuzlyk gowşaklyklary aýyrmak üçin düzedişleri öz içine alýar.

Howpsuzlyk täzelenmeleriniň birinji bölüminiň (2025-09-01) çykmagy bilen jemi 58 sany gowşaklyklar düzedildi. Bu gowşaklyklar Android Runtime, Framework, System we Google Play system system düzüm böleklerinde düzedildi. Bu gowşaklyklara 40 sany hukuklary artdyrmak, 10 sany gizlin maglumatlary aýan etmek, 1 sany uzaklykdan kod ýerine ýetirmek we 7 sany «hyzmat etmekden ýüz öwürmek» ýagdaýyny getirmek mümkinçilikleri berýän gowşaklygy girýär.

2025-nji ýylyň sentýabr aýynyň düzedişler toplumynyň ikinji bölümi (2025-09-05) Kernel, Arm, Imagination Technologies, MediaTek, Qualcomm düzüm böleklerinde jemi 52 sany gowşaklyklar üçin düzedişleri öz içine alýar.

Android howpsuzlyk maslahatynda, howpsuzlyk gowşaklyklary (CVE-2025-38352, CVE-2025-48543) ulanylýan bolmagy mümkin diýip bellenýär.

Gowşaklyklar we täzelenmeler barada goşmaça maglumaty Android howpsuzlyk maslahatynda görüp bilersiňiz - android.com

03 Sentýabr 2025

-
17