Çarşenbe, 09 Iýul 2025

Google kompaniýasy Chrome üçin howpsuzlyk täzelenmesini çykardy

Google kompaniýasy Windows üçin Chrome 112.0.5615.137/138, Mac üçin Chrome 112.0.5615.137 we Linux ulgamy üçin Chrome 112.0.5615.165 wersiýalary çykardy. Bu neşirler 8 sany howpsuzlyk gowşaklylary düzedýär, şol sanda ýaramaz niýetli ulanyjynyň gowşak ulgamy dolandyrmak mümkinçiligini gazanmak üçin ulanyp bilýän örän howply 0-day gowşaklygy (CVE-2023-2136) hem aradan aýyrýar. Google kompaniýasy bu gowşaklyk (CVE-2023-2136) ulanylýan bolmagy mümkin diýip belleýär.

Ulanyjylara Chrome täzelenmesi baradaky habary bilen tanşyp, gerekli bolan täzelenmeleri gurnamagy maslahat berilýär - googleblog.com.

19 Aprel 2023

-
128