Çarşenbe, 09 Iýul 2025

Google kompaniýasy Chrome üçin howpsuzlyk täzelenmesini çykardy

Google kompaniýasy Windows, Mac we Linux ulgamlary üçin Chrome 112.0.5615.121 wersiýasyny çykardy. Bu wersiýa 2 sany howpsuzlyk gowşaklylary düzedýär, şol sanda ýaramaz niýetli ulanyjynyň gowşak ulgamy dolandyrmak mümkinçiligini gazanmak üçin ulanyp bilýän örän howply 0-day gowşaklygy (CVE-2023-2033) hem aradan aýyrýar. Google kompaniýasy bu gowşaklyk (CVE-2023-2033) ulanylýan bolmagy mümkin diýip belleýär.

Ulanyjylara Chrome täzelenmesi baradaky habary bilen tanşyp, gerekli bolan täzelenmeleri gurnamagy maslahat berilýär - googleblog.com.

17 Aprel 2023

-
118