Sap 2023-nji ýylyň aprel aýynyň howpsuzlyk täzelenmelerini çykardy
SAP kompaniýasy birnäçe önümlerine täsir edýän gowşaklyklary aýyrmak üçin howpsuzlyk täzelenmelerini çykardy. Ygtyýarsyz ulanyjy gowşak ulgamy dolandyrmak mümkinçiligini gazanmak üçin bu gowşaklyklaryň birnäçesinden peýdalanyp biler. SAP kompaniýasy 19 sany täze howpsuzlyk bildirişleri çykardy we öň çykarylan 5 sany howpsuzlyk bildirişleri täzeledi. SAP kompaniýasy ulanyjylaryna SAP gurşawyny goramak üçin düzedişleri ulanmagy maslahat berýär.
Gowşaklyklar we täzelenmeler barada giňişleýin maglumaty SAP kompaniýanyň 2023-nji ýylyň aprel aýynyň täzelenmeleri sahypasynda görüp bilersiňiz – sap.com.
14 Aprel 2023