Microsoft kompaniýasy 2023-nji ýylyň aprel aýynyň howpsuzlyk täzelenmelerini çykardy
Microsoft kompaniýasy programma üpjünçiliginiň birnäçe gowşaklyklaryny aýyrmak üçin howpsuzlyk täzelenmelerini çykardy. Microsoft 2023-nji ýylyň aprel aýynyň «Sişenbe düzedişleriň» çäginde köp sanly gowşaklyklary düzetdi.
Düzedilen gowşaklyklaryň arasyndan 20 sany gowşaklyk – hukuklary artdyrmak, 8 - howpsuzlyk çäklendirmelerinden aýlanyp geçmek, 45 - uzaklykdan kod ýerine ýetirmek, 10 – maglumatlary aýan etmek, 9 - «hyzmat etmekden ýüz öwürmek» ýagdaýyna getirmek we 6 – spufing amala aşyrmak mümkinçilikleri berýärler.
Şeýle hem, 2023-nji ýylyň aprel aýynyň «Sişenbe düzedişleri» 0-day gowşaklygy üçin düzedişleri öz içine alýar, bu gowşaklyk:
CVE-2023-28252 - Windows Common Log File System Driver draýweriň hukuklary artdyrmak mümkinçiligi berýän gowşaklyk.
Gowşaklyklar we täzelenmeler barada goşmaça maglumaty Microsoft kompaniýanyň 2023-nji ýylyň aprel aýynyň howpsuzlyk täzelenmeleri sahypasynda görüp bilersiňiz – microsoft.com.
Çeşme: bleepingcomputer.com
14 Aprel 2023