Çarşenbe, 09 Iýul 2025

Microsoft kompaniýasy Windows 10 21H2 wersiýasynyň goldawy iýun aýda gutarýandygy barada habar berdi

Microsoft kompaniýasy ulanyjylara 2023-nji ýylyň iýun aýynyň 13-ne operasion ulgamynyň Windows 10 21H2 wersiýasynyň goldawy gutarýandygy barada ýatlatdy.

Microsoft-yň maglumatynda beýan edilmegine görä, Windows 10 21H2, ýagny 2021-nji ýylyň noýabr aýynda çykarylan Windows 10 ulgamynyň aşakda görkezilen neşirleriň goldawy gutarýandygyny habar berýär:

  • Windows 10 Home, wersiýa 21H2
  • Windows 10 Pro, wersiýa 21H2
  • Windows 10 Pro Education, wersiýa 21H2
  • Windows 10 Pro for Workstations, wersiýa 21H2.

“Bu neşirler 2023-nji ýylyň iýun aýynyň 13-den soň howpsuzlyk täzelenmeleri bilen üpjün edilmeýär”, - diýip Microsoft habarynda beýan edilýär.

Windows 10 21H2 ulgamynyň Home we Pro neşirleri bilen işleýän enjamlar goldawyň gutarmagyndan soňra howpsuzlyk täzelenmeleri hem-de ýalňyşlyklar we täze ýüze çykarylan howpsuzlyk howplary üçin düzedişleri öz içine alýan her aý çykarylýan täzelenmeleri bilen üpjün edilmeýär.

Şeýle hem, Microsoft kompaniýasy Windows 10 20H2 Enterprise, Education we IoT Enterprise neşirleriň goldawy indiki aýda bes edilýändigi barada hem aýratyn habarda belledi.

Çeşme: bleepingcomputer.com

11 Aprel 2023

-
117