Çarşenbe, 09 Iýul 2025

2023-nji ýylyň aprel aýynyň Android täzelenmeleri köp sanly gowşaklyklary düzedýärler

Google kompaniýasy 2023-nji ýylyň aprel aýynyň Android üçin howpsuzlyk maslahatyny neşir etdi, bu howpsuzlyk täzelenmeler toplumy köp sanly gowşaklyklary, şol sanda alty sany örän howply gowşaklyklary aýyrmak üçin düzedişleri öz içine alýar.

Howpsuzlyk täzelenmeleriniň birinji bölüminiň (2023-04-01) çykmagy bilen jemi 26 sany gowşaklyklar düzedildi. Bu gowşaklyklar Framework, System we Google Play system düzüm böleklerinde düzedildi. Bu gowşaklyklara 15 sany hukuklary artdyrmak, alty sany maglumatlary aýan etmek, üç sany «hyzmat etmekden ýüz öwürmek» ýagdaýyna getirmek we iki sany uzaklykdan kod ýerine ýetirmek mümkinçilikleri berýän gowşaklyklary girýärler.

2023-nji ýylyň aprel aýynyň düzedişler toplumynyň ikinji bölümi (2023-04-05) Kernel, Arm, Imagination Technologies, MediaTek, Unisoc we Qualcomm düzüm böleklerinde jemi 40 sany gowşaklyklar üçin düzedişleri öz içine alýar.

Gowşaklyklar we täzelenmeler barada goşmaça maglumaty Android howpsuzlyk maslahatynda görüp bilersiňiz – android.com.

06 Aprel 2023

-
137