Apple howpsuzlyk täzelenmelerini çykardy
Apple kompaniýasy önümlerinde gowşaklyklary aýyrmak üçin howpsuzlyk täzelenmelerini çykardy. Ýaramaz niýetli ulanyjy nyşana alnan ulgamda «hyzmat etmekden ýüz öwürmek» ýagdaýyny getirmek, hukuklary artdyrmak, maglumatlary üýtgetmek, spufing amala aşyrmak, uzaklykdan kod ýerine ýetirmek, gizlin maglumatlary aýan etmek we howpsuzlyk çäklendirmelerden aýlanyp geçmek üçin bu gowşaklyklaryň birnäçesinden peýdalanyp biler. Apple kompaniýasy WebKit düzüm böleginde islendik kody işletmek mümkinçiligi berýän gowşaklyk (CVE-2023-23529) ulanylýan bolmagy mümkin diýip belleýär. Bu gowşaklyk iOS 15.7.4 we iPadOS 15.7.4 täzelenmelerinde düzedildi.
Ulanyjylara Apple kompaniýanyň aşakda görkezilen önümlerine degişli howpsuzlyk sahypalary bilen tanşyp, gerekli bolan täzelenmeleri gurnamagy maslahat berilýär:
Çeşme: apple.com
28 Mart 2023