Çarşenbe, 09 Iýul 2025

Sap 2023-nji ýylyň mart aýynyň howpsuzlyk täzelenmelerini çykardy

SAP kompaniýasy birnäçe önümlerine täsir edýän gowşaklyklary aýyrmak üçin howpsuzlyk täzelenmelerini çykardy. Ygtyýarsyz ulanyjy gowşak ulgamy dolandyrmak mümkinçiligini gazanmak üçin bu gowşaklyklaryň birnäçesinden peýdalanyp biler. SAP kompaniýasy 19 sany täze howpsuzlyk bildirişleri çykardy. SAP kompaniýasy ulanyjylaryna SAP gurşawyny goramak üçin düzedişleri ulanmagy maslahat berýär.

Gowşaklyklar we täzelenmeler barada giňişleýin maglumaty SAP kompaniýanyň 2023-nji ýylyň mart aýynyň täzelenmeleri sahypasynda görüp bilersiňiz – sap.com.

17 Mart 2023

-
142