D dilinde ýazylan Vovalex atly zyýanly programma üpjünçiligi ýüze çykaryldy
Vovalex adyny alan täze zyýanly programma üpjünçiliginiň maşgalasy (ransomware) CCleaner ýaly Windows ulgamy üçin meşhur kömekçi programmalar arkaly gizlenip, galp programmalaryň üsti bilen ýaýraýar.
Vovalex töleg talap edýän beýleki programmalardan tapawutlananok, ýagny pidanyň faýllaryny şifrleýär, soňra bolsa töleg talap edýän haty galdyrýar.
Emma, täze zyýanly programma üpjünçiligi tapan gözlegçi Witaliý Kremets gyzykly bir aýratynlygy ýüze çykardy. Hünärmeniň sözlerine görä, Vovalex D programmirleme dilinde ýazylan ilkinji zyýanly programma üpjünçiligi bolmagy mümkin.
Vovalex işläp başlanda CCleaner gurnamak üçin programmanyň resmi nusgasyny açýar, soňra %Temp% direktoriýasyna faýlyň erkin ady bilen öz nusgasyny ýerleşdirýär.
Ondan soň zyýanly programma üpjünçiligi faýllara .vovalex giňeltmesini goşmak bilen pidanyň kompýuterindäki faýllary şifrläp başlaýar. Iň soňky ädimde talaplaryny görkezýän README.VOVALEX.txt haty iş stoluna çykarylýar.
Çeşme: anti-malware.ru
01 Fewral 2021