Çarşenbe, 09 Iýul 2025

Fortinet kompaniýasy 2023-nji ýylyň Mart aýynyň howpsuzlyk täzelenmelerini çykardy

Fortinet kompaniýasy önümleriniň köp sanly gowşaklyklaryny aýyrmak üçin howpsuzlyk täzelenmelerini çykardy. Gowşaklyklar FortiAnalyzer, FortiAuthenticator, FortiDeceptor, FortiMail, FortiManager, FortiPortal, FortiSwitch, FortiNAC, FortiOS, FortiProxy, FortiRecorder, FortiSOAR we FortiWeb önümlerinde ýüze çykaryldy. Ýaramaz niýetli ulanyjy gizlin maglumatlary aýan etmek, hukuklary artdyrmak, uzaklykdan kod ýerine ýetirmek, howpsuzlyk çäklendirmelerden aýlanyp geçmek we “hyzmat etmekden ýüz öwürmek” ýagdaýyny getirmek üçin bu gowşaklyklaryň birnäçesinden peýdalanyp biler.

Gowşaklyklar we täzelenmeler barada goşmaça maglumaty Fortinet howpsuzlyk maslahatlarynda görüp bilersiňiz – fortinet.com.

10 Mart 2023

-
154