2023-nji ýylyň mart aýynyň Android täzelenmeleri köp sanly gowşaklyklary düzedýärler
Google kompaniýasy 2023-nji ýylyň mart aýynyň Android üçin howpsuzlyk maslahatyny neşir etdi, bu howpsuzlyk täzelenmeler toplumy köp sanly gowşaklyklary, şol sanda dört sany örän howply gowşaklyklary aýyrmak üçin düzedişleri öz içine alýar.
Howpsuzlyk täzelenmeleriniň birinji bölüminiň (2023-03-01) çykmagy bilen jemi 26 sany gowşaklyklar düzedildi. Bu gowşaklyklar Framework, System we Google Play system düzüm böleklerinde düzedildi. Bu gowşaklyklara 14 sany hukuklary artdyrmak, ýedi sany maglumatlary aýan etmek, üç sany «hyzmat etmekden ýüz öwürmek» ýagdaýyna getirmek we iki sany uzaklykdan kod ýerine ýetirmek mümkinçilikleri berýän gowşaklyklary girýärler.
2023-nji ýylyň mart aýynyň düzedişler toplumynyň ikinji bölümi (2023-03-05) Kernel, MediaTek, Unisoc we Qualcomm düzüm böleklerinde jemi 29 sany gowşaklyklar üçin düzedişleri öz içine alýar.
09 Mart 2023