Çarşenbe, 09 Iýul 2025

Fortinet kompaniýasy 2023-nji ýylyň Fewral aýynyň howpsuzlyk täzelenmelerini çykardy

Fortinet kompaniýasy önümleriniň köp sanly gowşaklyklaryny aýyrmak üçin howpsuzlyk täzelenmelerini çykardy. Gowşaklyklar FortiNAC, FortiADC, FortiAnalyzer, FortiExtender, FortiAuthenticator, FortiOS, FortiProxy, FortiSwitchManager, FortiPortal, FortiSandbox, FortiWAN we FortiWeb önümlerinde ýüze çykaryldy. Ýaramaz niýetli ulanyjy islendik kody ýerine ýetirmek, howpsuzlyk çäklendirmelerden aýlanyp geçmek, “hyzmat etmekden ýüz öwürmek” ýagdaýyny getirmek, maglumatlary aýan etmek, saýtara skripting amala aşyrmak we hukuklary artdyrmak üçin bu gowşaklyklaryň birnäçesinden peýdalanyp biler.

Gowşaklyklar we täzelenmeler barada goşmaça maglumaty Fortinet howpsuzlyk maslahatlarynda görüp bilersiňiz – fortinet.com.

20 Fewral 2023

-
292