Microsoft kompaniýasy 2023-nji ýylyň fewral aýynyň howpsuzlyk täzelenmelerini çykardy
Microsoft kompaniýasy programma üpjünçiliginiň birnäçe gowşaklyklaryny aýyrmak üçin howpsuzlyk täzelenmelerini çykardy. Microsoft 2023-nji ýylyň fewral aýynyň «Sişenbe düzedişleriň» çäginde köp sanly gowşaklyklary düzetdi.
Düzedilen gowşaklyklaryň arasyndan 12 sany gowşaklyk – hukuklary artdyrmak, 2 - howpsuzlyk çäklendirmelerinden aýlanyp geçmek, 38 - uzaklykdan kod ýerine ýetirmek, 8 – maglumatlary aýan etmek, 10 - «hyzmat etmekden ýüz öwürmek» ýagdaýyna getirmek we 8 – spufing amala aşyrmak mümkinçilikleri berýärler.
Şeýle hem, 2023-nji ýylyň fewral aýynyň «Sişenbe düzedişleri» üç sany 0-day gowşaklyklary üçin düzedişleri öz içine alýar, bu gowşaklyklar:
Gowşaklyklar we täzelenmeler barada goşmaça maglumaty Microsoft kompaniýanyň 2023-nji ýylyň fewral aýynyň howpsuzlyk täzelenmeleri sahypasynda görüp bilersiňiz – microsoft.com.
Çeşme: bleepingcomputer.com
15 Fewral 2023