Çarşenbe, 09 Iýul 2025

2023-nji ýylyň fewral aýynyň Android täzelenmeleri köp sanly gowşaklyklary düzedýärler

Google kompaniýasy 2023-nji ýylyň fewral aýynyň Android üçin howpsuzlyk maslahatyny neşir etdi, bu howpsuzlyk täzelenmeler toplumy köp sanly gowşaklyklary, şol sanda dört sany örän howply gowşaklyklary aýyrmak üçin düzedişleri öz içine alýar.

Howpsuzlyk täzelenmeleriniň birinji bölüminiň (2023-02-01) çykmagy bilen jemi 16 sany gowşaklyklar düzedildi. Bu gowşaklyklar Framework, Media Framework, System we Google Play system düzüm böleklerinde düzedildi. Bu gowşaklyklara 12 sany hukuklary artdyrmak, üç sany maglumatlary aýan etmek we bir sany «hyzmat etmekden ýüz öwürmek» ýagdaýyna getirmek mümkinçilikleri berýän gowşaklyklary girýärler.

2023-nji ýylyň fewral aýynyň düzedişler toplumynyň ikinji bölümi (2023-02-05) Kernel, MediaTek, Unisoc we Qualcomm düzüm böleklerinde jemi 23 sany gowşaklyklar üçin düzedişleri öz içine alýar.

Şeýle hem, Google kompaniýasy Pixel enjamlary üçin düzedişleri çykaryp, Pixel we Qualcomm düzüm böleklerinde köp sanly howpsuzlyk gowşaklyklary aýyrandygy barada habar berdi.

07 Fewral 2023

-
337