Çarşenbe, 09 Iýul 2025

ISC guramasy BIND üçin howpsuzlyk täzelenmeleri çykardy

Internet Systems Consortium (ISC) guramasy Berkeley Internet Name Domain (BIND) atly DNS-serweriň köp sanly wersiýalaryna täsir edýän howpsuzlyk gowşaklyklary (CVE-2022-3094, CVE-2022-3488, CVE-2022-3736, CVE-2022-3924) aýyrmak üçin niýetlenen howpsuzlyk maslahatlary çykardy. Ýaramaz niýetli ulanyjy uzaklykdan «hyzmat etmekden ýüz öwürmek» ýagdaýyny (DoS) getirmek üçin bu gowşaklyklaryň birnäçesinden peýdalanyp biler. Bu meseleler BIND 9.16.37, BIND 9.18.11, BIND 9.19.9, BIND 9.16.37-S1 wersiýalarynda düzedildi.

Ulanyjylara ISC howpsuzlyk maslahatlary bilen tanşyp, zerur bolan täzelenmeleri ulanmak maslahat berilýär - isc.org.

31 Ýanwar 2023

-
381