Çarşenbe, 09 Iýul 2025

IETF guramasy TLS 1.0 we TLS 1.1 könelişen diýip habar berdi

Internet-tehnologiýalary ösdürmek boýunça Iş topary (Internet Engineering Task Force, IETF) TLS kriptoprotokoly ulanmak boýunça görkezmelerini täzeledi, bu görkezme boýunça resmi taýdan 1.0 we 1.1 wersiýalary könelişen diýip ulanyşdan çykaryldy.

TLS 1.0 protokoly barada resminama 1999-njy ýylyň ýanwar aýynda neşir edildi we ýedi ýyldan soň IETF bu resminamany täzelemek bilen TLS 1.1 protokoly tassyklady. Şondan bäri maglumatlary howpsuz geçirmek bilen baglanyşykly talaplar ösdi. 2008-nji ýyldan başlap, işiň iň möhüm ugurlarynda TLS 1.2 wersiýasyny ulanmak maslahat berilýär, emma bu standart hem täzelendi - üç ýyl ozal howpsuzlygy has ygtybarly üpjün etmek maksady bilen TLS 1.3 tassyklandy.

IETF guramasynyň resminamasy TLS 1.0 we TLS 1.1 protokollary hemişelik ýatyryp, olaryň döwrebap talaplaryna laýyk gelmeýändikleri barada habar berdi. Döwlet edaralarynda we senagatda ulanmak üçin niýetlenen programmalarda bu protokollaryň goldawyny ýatyrmak maslahat berilýär. Könelişen protokollaryň sanawyna DTLS 1.0 protokoly hem goşuldy; onuň ýerine DTLS 1.2 wersiýasyny ulanmak maslahat berilýär (1.1 wersiýasy hem ulanyşdan çykarylmadyk).

Häzirki wagtda TLS 1.0/1.1 wersiýalaryň goldawy esasy brauzerlerde öçürildi; şeýle hem beýleki programmalardan we hyzmatlardan bu protokollaryň goldawy gitdigiçe aýrylýar.

Çeşme: anti-malware.ru

27 Mart 2021

-
81