Microsoft kompaniýasy Windows 8.1 operasion ulgamynyň goldawy gutarandygy barada habar berdi
Microsoft kompaniýasy ulanyjylara 2023-nji ýylyň ýanwar aýynyň 10-na operasion ulgamynyň Windows 8.1 wersiýalarynyň goldawy gutarandygy barada ýatlatdy.
“Ýatlatmak hökmünde Windows 8.1 operasion ulgamynyň goldawy 2023-nji ýylyň 10-njy ýanwarynda gutarýar, şol pursatdan başlap, bu wersiýa üçin tehniki kömek we programma üpjünçiliginiň täzelenmeleri çykarylmagy bes edilýär. Windows 8.1 işleýän enjamlaryňyz bolan ýagdaýynda, Windows-yň has soňky, goldanýan neşirine täzelemegiňizi maslahat berýäris.” - diýip Microsoft belledi.
Çeşme: support.microsoft.com
11 Ýanwar 2023