Çarşenbe, 09 Iýul 2025

Microsoft kompaniýasy 2023-nji ýylyň ýanwar aýynyň howpsuzlyk täzelenmelerini çykardy

Microsoft kompaniýasy programma üpjünçiliginiň birnäçe gowşaklyklaryny aýyrmak üçin howpsuzlyk täzelenmelerini çykardy. Microsoft 2023-nji ýylyň ýanwar aýynyň «Sişenbe düzedişleriň» çäginde 98 sany gowşaklyklary düzetdi.

Düzedilen gowşaklyklaryň arasyndan 39 sany gowşaklyk – hukuklary artdyrmak, 4 - howpsuzlyk çäklendirmelerinden aýlanyp geçmek, 33 - uzaklykdan kod ýerine ýetirmek, 10 – maglumatlary aýan etmek, 10 - «hyzmat etmekden ýüz öwürmek» ýagdaýyna getirmek we 2 – spufing amala aşyrmak mümkinçilikleri berýärler.

Şeýle hem, 2023-nji ýylyň ýanwar aýynyň «Sişenbe düzedişleri» bir sany 0-day gowşaklygy üçin düzedişleri öz içine alýar, bu gowşaklyklar:

CVE-2023-21674 - Windows Advanced Local Procedure Call (ALPC) düzüm böleginde hukuklary artdyrmak mümkinçiligi berýän gowşaklyk.

Gowşaklyklar we täzelenmeler barada goşmaça maglumaty Microsoft kompaniýanyň 2023-nji ýylyň ýanwar aýynyň howpsuzlyk täzelenmeleri sahypasynda görüp bilersiňiz microsoft.com.

Çeşme: bleepingcomputer.com

11 Ýanwar 2023

-
296