2023-nji ýylyň ýanwar aýynyň Android täzelenmeleri köp sanly gowşaklyklary düzedýärler
Google kompaniýasy 2023-nji ýylyň ýanwar aýynyň Android üçin howpsuzlyk maslahatyny neşir etdi, bu howpsuzlyk täzelenmeler toplumy köp sanly gowşaklyklary, şol sanda 8 sany örän howply gowşaklyklary aýyrmak üçin düzedişleri öz içine alýar.
Howpsuzlyk täzelenmeleriniň birinji bölüminiň (2023-01-01) çykmagy bilen jemi 19 sany gowşaklyklar düzedildi. Bu gowşaklyklar Framework, System we Google Play system düzüm böleklerinde düzedildi. Bu gowşaklyklara 16 sany hukuklary artdyrmak we üç sany «hyzmat etmekden ýüz öwürmek» ýagdaýyna getirmek mümkinçilikleri berýän gowşaklyklary girýärler.
2023-nji ýylyň ýanwar aýynyň düzedişler toplumynyň ikinji bölümi (2023-01-05) Kernel, Imagination Technologies, MediaTek, Unisoc we Qualcomm düzüm böleklerinde jemi 40 sany gowşaklyklar üçin düzedişleri öz içine alýar.
Şeýle hem, Google kompaniýasy Pixel enjamlary üçin düzedişleri çykaryp, Pixel we Qualcomm düzüm böleklerinde köp sanly howpsuzlyk gowşaklyklary aýyrandygy barada habar berdi.
05 Ýanwar 2023