Çarşenbe, 09 Iýul 2025

Microsoft kompaniýasy 2022-nji ýylyň dekabr aýynyň howpsuzlyk täzelenmelerini çykardy

Microsoft kompaniýasy programma üpjünçiliginiň birnäçe gowşaklyklaryny aýyrmak üçin howpsuzlyk täzelenmelerini çykardy. Microsoft 2022-nji ýylyň dekabr aýynyň «Sişenbe düzedişleriň» çäginde 49 sany gowşaklyklary düzetdi.

Düzedilen gowşaklyklaryň arasyndan 19 sany gowşaklyk – hukuklary artdyrmak, 2 - howpsuzlyk çäklendirmelerinden aýlanyp geçmek, 23 - uzaklykdan kod ýerine ýetirmek, 3 – maglumatlary aýan etmek, 3 - «hyzmat etmekden ýüz öwürmek» ýagdaýyna getirmek we 1 – spufing amala aşyrmak mümkinçilikleri berýärler.

Şeýle hem, 2022-nji ýylyň dekabr aýynyň «Sişenbe düzedişleri» iki sany 0-day gowşaklyklary üçin düzedişleri öz içine alýar, bu gowşaklyklar:

  • CVE-2022-44698 - Windows SmartScreen düzüm böleginde howpsuzlyk çäklendirmelerden aýlanyp geçmek gowşaklygy;
  • CVE-2022-44710 - Windows DirectX Graphics ýadrosynda hukuklary artdyrmak mümkinçiligi berýän gowşaklyk.

Gowşaklyklar we täzelenmeler barada goşmaça maglumaty Microsoft kompaniýanyň 2022-nji ýylyň dekabr aýynyň howpsuzlyk täzelenmeleri sahypasynda görüp bilersiňiz – microsoft.com.

14 Dekabr 2022

-
155