Çarşenbe, 09 Iýul 2025

2022-nji ýylyň dekabr aýynyň Android täzelenmeleri köp sanly gowşaklyklary düzedýärler

Google kompaniýasy 2022-nji ýylyň dekabr aýynyň Android üçin howpsuzlyk maslahatyny neşir etdi, bu howpsuzlyk täzelenmeler toplumy köp sanly gowşaklyklary, şol sanda dört sany örän howply gowşaklygy aýyrmak üçin düzedişleri öz içine alýar.

Howpsuzlyk täzelenmeleriniň birinji bölüminiň (2022-12-01) çykmagy bilen jemi 41 sany gowşaklyklar düzedildi. Bu gowşaklyklar Runtime, Framework, Media Framework, System we Google Play system düzüm böleklerinde düzedildi. Bu gowşaklyklara 23 sany hukuklary artdyrmak, dört sany uzakdan kod ýerine ýetirmek, iki sany maglumatlary aýan etmek we üç sany «hyzmat etmekden ýüz öwürmek» ýagdaýyna getirmek mümkinçilikleri berýän gowşaklyklary girýärler.

2022-nji ýylyň noýabr aýynyň düzedişler toplumynyň ikinji bölümi (2022-12-05) Kernel, Imagination Technologies, MediaTek, Unisoc, Qualcomm we başlangyç kody ýapyk Qualcomm düzüm böleklerinde jemi 36 sany gowşaklyklar üçin düzedişleri öz içine alýar.

Şeýle hem, Google kompaniýasy Pixel enjamlary üçin düzedişleri çykaryp, Framework, Media Framework, System, Kernel, Pixel, Qualcomm we başlangyç kody ýapyk Qualcomm düzüm böleklerinde köp sanly howpsuzlyk gowşaklyklary aýyrandygy barada habar berdi.

07 Dekabr 2022

-
376