Çarşenbe, 09 Iýul 2025

Panasonic we McAfee kompaniýalary awtoulaglary goramak üçin birleşmek netijesine geldiler

Panasonic kompaniýasy antiwirus programma üpjünçiligi öndürýän McAfee bilen awtoulaglary kiberhadysalardan goramak üçin täze hyzmatdaşlyk etmek barada habar berdi. Kompaniýalar bilelikdäki tagallalary bilen 2024-nji ýyldan başlap hyzmatlary bilen üpjün edýän howpsuzlyk merkezini gurmak maksat edinýärler.

Nikkei Asia habaryna görä, bu merkez öndürijileriniň adyndan ulaglara gözegçilik eder we döwülmegiň alamatlaryny barlar. Howp ýüze çykan ýagdaýynda, merkez döwlen ulagdan ähli zerur maglumatlary alyp, seljerer we netijelerini öndürijä iberer. Bu ýagdaýda öndüriji awtoulagyň bort ulgamlaryny öçürip ýa-da programma üpjünçiligi üçin howpsuzlyk täzelenmelerini çykaryp biler.

Bu hyzmat tölegli görnüşde üpjün edilmegi ähtimal.

Häzirki wagtda bazarda internete baglanan awtonom ulaglaryň sanynyň köpelmegi bilen, ulagy uzaklykdan dolandyrmak mümkinçiligini gazanyp bilýän hakerlerden goramak zerurlygy artýar. Geçen aý ýigrimiden gowrak awtoulag öndürýän kompaniýalar, şol sanda Tesla elektrokarlary üçin akkumulýator öndürýän Panasonic hem-de Toyota Motor kiberhadysalara garşy göreşmek boýunça gurama döretdiler.

Çeşme: securitylab.ru

25 Mart 2021

-
86