Çarşenbe, 09 Iýul 2025

Palo Alto Networks kompaniýasy Cortex XSOAR önüminiň gowşaklyklaryny düzetdi

Palo Alto Networks kompaniýasy Cortex XSOAR önüminiň howpsuzlyk gowşaklygyny aýyrmak üçin düzedişleriň çykarylandygy barada habar berdi. Gowşaklyk (CVE-2022-0031) ýaramaz niýetli ulanyjy üçin ýokary hukuklar bilen programmalary işletmek mümkinçiligini berýär. Bu mesele Cortex XSOAR 6.9.0.130766 wersiýasynda düzedildi.

Gowşaklyklar we täzelenmeler barada goşmaça maglumaty Palo Alto Networks howpsuzlyk maslahatynda görüp bilersiňiz – paloaltonetworks.com.

23 Noýabr 2022

-
166