2022-nji ýylyň noýabr aýynyň Android täzelenmeleri köp sanly gowşaklyklary düzedýärler
Google kompaniýasy 2022-nji ýylyň noýabr aýynyň Android üçin howpsuzlyk maslahatyny neşir etdi, bu howpsuzlyk täzelenmeler toplumy köp sanly gowşaklyklary, şol sanda örän howply gowşaklygy aýyrmak üçin düzedişleri öz içine alýar.
Howpsuzlyk täzelenmeleriniň birinji bölüminiň (2022-11-01) çykmagy bilen jemi 17 sany gowşaklyklar düzedildi. Bu gowşaklyklar Framework, Multiple, System we Google Play system düzüm böleklerinde düzedildi. Bu gowşaklyklara 12 sany hukuklary artdyrmak, iki sany maglumatlary aýan etmek we üç sany «hyzmat etmekden ýüz öwürmek» ýagdaýyna getirmek mümkinçilikleri berýän gowşaklyklary girýärler.
2022-nji ýylyň noýabr aýynyň düzedişler toplumynyň ikinji bölümi (2022-11-05) Imagination Technologies, MediaTek, Unisoc we Qualcomm düzüm böleklerinde jemi 26 sany gowşaklyklar üçin düzedişleri öz içine alýar.
Şeýle hem, Google kompaniýasy Pixel enjamlary üçin düzedişleri çykaryp, Pixel we Qualcomm düzüm böleklerinde köp sanly howpsuzlyk gowşaklyklary aýyrandygy barada habar berdi.
14 Noýabr 2022