Microsoft kompaniýasy 2022-nji ýylyň noýabr aýynyň howpsuzlyk täzelenmelerini çykardy
Microsoft kompaniýasy programma üpjünçiliginiň birnäçe gowşaklyklaryny aýyrmak üçin howpsuzlyk täzelenmelerini çykardy. Microsoft 2022-nji ýylyň noýabr aýynyň «Sişenbe düzedişleriň» çäginde 68 sany gowşaklyklary düzetdi.
Düzedilen gowşaklyklaryň arasyndan 27 sany gowşaklyk – hukuklary artdyrmak, 4 - howpsuzlyk çäklendirmelerinden aýlanyp geçmek, 16 - uzaklykdan kod ýerine ýetirmek, 11 – maglumatlary aýan etmek, 6 - «hyzmat etmekden ýüz öwürmek» ýagdaýyna getirmek we 3 – spufing amala aşyrmak mümkinçilikleri berýärler.
Şeýle hem, 2022-nji ýylyň noýabr aýynyň «Sişenbe düzedişleri» alty sany 0-day gowşaklyklary üçin düzedişleri öz içine alýar, bu gowşaklyklar:
Gowşaklyklar we täzelenmeler barada goşmaça maglumaty Microsoft kompaniýanyň 2022-nji ýylyň noýabr aýynyň howpsuzlyk täzelenmeleri sahypasynda görüp bilersiňiz – microsoft.com.
09 Noýabr 2022