Çarşenbe, 09 Iýul 2025

VMware howpsuzlyk täzelenmelerini çykardy

Vmware kompaniýasy VMware Cloud Foundation önüminde howply howpsuzlyk gowşaklyklary (CVE-2021-39144, CVE-2022-31678) aýyrmak üçin howpsuzlyk täzelenmelerini çykardy. Ýaramaz niýetli ulanyjy gowşak ulgamda «hyzmat etmekden ýüz öwürmek» ýagdaýyny getirmek, hukuklary artdyrmak we uzaklykdan kod ýerine ýetirmek üçin bu gowşaklyklaryň birnäçesinden peýdalanyp bilýär. Vmware kompaniýasy CVE-2021-39144 gowşaklygy ulanmak üçin eksploit köpçülige çykaryldy diýip habar berýär.

Gowşaklyklar we täzelenmeler barada goşmaça maglumaty Vmware howpsuzlyk maslahatynda görüp bilersiňiz - VMSA-2022-0027.

31 Oktýabr 2022

-
165