Çarşenbe, 09 Iýul 2025

Cisco birnäçe önümleri üçin howpsuzlyk täzelenmelerini çykardy

Cisco kompaniýasy birnäçe önümlerin gowşaklyklaryny aýyrmak üçin howpsuzlyk täzelenmelerini köpçülige çykardy.

Cisco kompaniýasy Windows üçin niýetlenen Cisco AnyConnect Secure Mobility Client programma üpjüniçliginiň howply gowşaklyklaryny (CVE-2020-3433, CVE-2020-3153) aýyrmak üçin howpsuzlyk täzelenmelerini çykardy. Ýaramaz niýetli ulanyjy ulgam derejedäki hukuklary bilen gowşak kompýuterde islendik kody işletmek we islendik ýerlere zyýanly faýllaryň nusgalaryny geçirmek üçin bu gowşaklyklardan peýdalanyp biler. Cisco kompaniýasy bu gowşaklyklar ulanylýan bolmagy mümkin diýip belleýär we gowşaklyklary aýyrmak üçin ulanyjylara programma üpjünçiligiň düzedilen wersiýasyna geçmäge maslahat berýär.

Ähli düzedilen gowşaklyklar barada giňişleýin maglumaty Cisco howpsuzlyk sahypasynda görüp bilersiňiz – cisco.com.

26 Oktýabr 2022

-
159