Çarşenbe, 09 Iýul 2025

Fransiýa döwleti Ýewropada ilkinji bolup hemralara garşy kiberhadysany simulirledi

Fransiýada hemralara garşy kiberhüjümleri serpikdirmek boýunça türgenleşikler geçirildi. AsterX atly dört günlük harby oýnunda, gatnaşyjylar ady aýdylmadyk kosmos mümkinçilikleri bolan döwletiň Fransiýanyň aragatnaşyk hemrasynyň işini duruzmaga synanyşmak ssenarisi boýunça kibertürgenleşigi geçirdiler. Bu türgenleşik Fransiýanyň Tuluz şäherinde ýerleşýän CNES atly milli kosmos agentliginde Italiýanyň, Germaniýanyň we ABŞ-nyň wekilleriniň gatnaşmagynda geçirildi.

AsterX - bu Fransiýada we umuman Ýewropada geçirilen bu görnüşli ilkinji türgenleşik bolup durýar. Bu türgenleşik hünärmenlere hemralaryň traýektoriýasyny üýtgetmek, näsazlyklary düzetmek üçin ätiýaçlyk emeli hemra ibermek, gizlin maglumatlaryň geçirilmegine gözegçilik etmek we wagtlaýyn garşy hemralaryň aragatnaşyklaryny şifrlemek ýa-da hatda olary bütinleý kesmek ýaly işleri synap görmek mümkinçiligini berdi.

Çeşme: securitylab.ru

16 Mart 2021

-
85