Microsoft kompaniýasy 2022-nji ýylyň oktýabr aýynyň howpsuzlyk täzelenmelerini çykardy
Microsoft kompaniýasy programma üpjünçiliginiň birnäçe gowşaklyklaryny aýyrmak üçin howpsuzlyk täzelenmelerini çykardy. Microsoft 2022-nji ýylyň oktýabr aýynyň «Sişenbe düzedişleriň» çäginde 84 sany gowşaklyklary düzetdi.
Düzedilen gowşaklyklaryň arasyndan 39 sany gowşaklyk – hukuklary artdyrmak, 2 - howpsuzlyk çäklendirmelerinden aýlanyp geçmek, 20 - uzaklykdan kod ýerine ýetirmek, 11 – maglumatlary aýan etmek, 8 - «hyzmat etmekden ýüz öwürmek» ýagdaýyna getirmek we 4 – spufing amala aşyrmak mümkinçilikleri berýärler.
Şeýle hem, 2022-nji ýylyň oktýabr aýynyň «Sişenbe düzedişleri» iki sany 0-day gowşaklyklary üçin düzedişleri öz içine alýar, bu gowşaklyklar:
Gowşaklyklar we täzelenmeler barada goşmaça maglumaty Microsoft kompaniýanyň 2022-nji ýylyň oktýabr aýynyň howpsuzlyk täzelenmeleri sahypasynda görüp bilersiňiz – microsoft.com.
Çeşme: bleepingcomputer.com
12 Oktýabr 2022