Fortinet kompaniýasy 2022-nji ýylyň Oktýabr aýynyň howpsuzlyk täzelenmelerini çykardy
Fortinet kompaniýasy önümleriniň köp sanly gowşaklyklaryny aýyrmak üçin howpsuzlyk täzelenmelerini çykardy. Gowşaklyklar FortiManager, FortiAnalyzer, FortiOS, FortiProxy, FortiSwitchManager, FortiTester önümlerinde ýüze çykaryldy. Ýaramaz niýetli ulanyjy «hyzmat etmekden ýüz öwürmek» ýagdaýyna getirmek, hukuklary artdyrmak we howpsuzlyk çäklendirmelerden aýlanyp geçmek üçin bu gowşaklyklaryň birnäçesinden peýdalanyp biler. Şeýle hem, Fortinet kompaniýasy FortiOS, FortiProxy we FortiSwitchManager önümlerinde autentifikasiýa barlagy aýlanyp geçmek mümkinçiligi berýän örän howply gowşaklygy (CVE-2022-40684) ulanylýan bolmagy mümkin diýip belleýär. Fortinet gowşaklygy aýyrmak üçin düzedişleri we wagtlaýyn çözgütleri köpçülige çykardy.
Gowşaklyklar we täzelenmeler barada goşmaça maglumaty Fortinet howpsuzlyk maslahatlarynda görüp bilersiňiz – fortinet.com.
11 Oktýabr 2022