Çarşenbe, 09 Iýul 2025

2022-nji ýylyň oktýabr aýynyň Android täzelenmeleri köp sanly gowşaklyklary düzedýärler

Google kompaniýasy 2022-nji ýylyň oktýabr aýynyň Android üçin howpsuzlyk maslahatyny neşir etdi, bu howpsuzlyk täzelenmeler toplumy köp sanly gowşaklyklary, şol sanda dört sany örän howply gowşaklyklary aýyrmak üçin düzedişleri öz içine alýar.

Howpsuzlyk täzelenmeleriniň birinji bölüminiň (2022-10-01) çykmagy bilen jemi 15 sany gowşaklyklar düzedildi. Bu gowşaklyklar Framework, Media Framework we System düzüm böleklerinde düzedildi. Bu gowşaklyklara alty sany hukuklary artdyrmak, ýedi sany maglumatlary aýan etmek we iki sany «hyzmat etmekden ýüz öwürmek» ýagdaýyna getirmek mümkinçilikleri berýän gowşaklyklary girýärler.

2022-nji ýylyň oktýabr aýynyň düzedişler toplumynyň ikinji bölümi (2022-10-05) Kernel, Imagination Technologies, MediaTek, Unisoc we Qualcomm düzüm böleklerinde jemi 33 sany gowşaklyklar üçin düzedişleri öz içine alýar.

Şeýle hem, Google kompaniýasy Pixel enjamlary üçin düzedişleri çykaryp, Pixel we Qualcomm düzüm böleklerinde köp sanly howpsuzlyk gowşaklyklary aýyrandygy barada habar berdi.

05 Oktýabr 2022

-
313