Palo Alto Networks kompaniýasy Cortex XDR Agent önüminiň gowşaklyklaryny düzetdi
Palo Alto Networks kompaniýasy Cortex XDR Agent önüminiň howpsuzlyk gowşaklygyny aýyrmak üçin düzedişleriň çykarylandygy barada habar berdi. Gowşaklyk (CVE-2022-0029) ýaramaz niýetli ulanyjy üçin ýokary hukuklar bilen ulgamda faýllary okamak mümkinçiligini berýär. Bu mesele Cortex XDR agent 5.0.12-hotfix update, Cortex XDR agent 7.5.101-CE, Cortex XDR agent 7.7.3 wersiýalarynda düzedildi.
Gowşaklyklar we täzelenmeler barada goşmaça maglumaty Palo Alto Networks howpsuzlyk maslahatynda görüp bilersiňiz – paloaltonetworks.com.
23 Sentýabr 2022