Çarşenbe, 09 Iýul 2025

Microsoft kompaniýasy 2022-nji ýylyň sentýabr aýynyň howpsuzlyk täzelenmelerini çykardy

Microsoft kompaniýasy programma üpjünçiliginiň birnäçe gowşaklyklaryny aýyrmak üçin howpsuzlyk täzelenmelerini çykardy. Microsoft 2022-nji ýylyň sentýabr aýynyň «Sişenbe düzedişleriň» çäginde 63 sany gowşaklyklary düzetdi.

Düzedilen gowşaklyklaryň arasyndan 18 sany gowşaklyk – hukuklary artdyrmak, 1 - howpsuzlyk çäklendirmelerinden aýlanyp geçmek, 30 - uzaklykdan kod ýerine ýetirmek, 7 – maglumatlary aýan etmek, 7 - «hyzmat etmekden ýüz öwürmek» ýagdaýyna getirmek mümkinçilikleri berýärler.

Şeýle hem, 2022-nji ýylyň sentýabr aýynyň «Sişenbe düzedişleri» iki sany 0-day gowşaklyklary (CVE-2022-37969, CVE-2022-23960) üçin düzedişleri öz içine alýar.

Gowşaklyklar we täzelenmeler barada goşmaça maglumaty Microsoft kompaniýanyň 2022-nji ýylyň sentýabr aýynyň howpsuzlyk täzelenmeleri sahypasynda görüp bilersiňiz - microsoft.com.

Çeşme: bleepingcomputer.com

15 Sentýabr 2022

-
106