Cisco birnäçe önümleri üçin howpsuzlyk täzelenmelerini çykardy
Cisco kompaniýasy birnäçe önümleriniň gowşaklyklaryny aýyrmak üçin howpsuzlyk täzelenmelerini köpçülige çykardy.
Cisco kompaniýasy Cisco SD-WAN vManage Software, Cisco Catalyst 8000V Edge Software, Cisco Adaptive Security Virtual Appliance (ASAv), Cisco Secure Firewall Threat Defense Virtual önümlerinde howply gowşaklyklary (CVE-2022-20696, CVE-2022-28199) aýyrmak üçin howpsuzlyk täzelenmelerini çykardy. Ýaramaz niýetli ulanyjy uzaklykdan gowşak ulgamy dolandyrmak mümkinçiligi gazanmak üçin bu gowşaklyklardan peýdalanyp biler.
Şeýle hem, Cisco kompaniýasy Cisco Webex Meetings önüminde we Cisco Small Business RV110W, RV130, RV130W we RV215W tapgyrly routerlerinde orta derjeli howply gowşaklyklary (CVE-2022-20863, CVE-2022-20923) aýyrdy. Ýaramaz niýetli ulanyjy nyşana alnan ulgamda maglumatlary üýtgetmek we autentifikasiýa barlagyndan aýlanyp geçmek üçin bu gowşaklyklardan peýdalanyp biler.
Ähli düzedilen gowşaklyklar barada giňişleýin maglumaty Cisco howpsuzlyk sahypasynda görüp bilersiňiz – cisco.com.
14 Sentýabr 2022