Çarşenbe, 09 Iýul 2025

Microsoft kompaniýasy önümlerinde 82 sany gowşaklyklary düzetdi

Sişenbe güni, mart aýynyň 9-na Microsoft kompaniýasy önümleri üçin meýilnama boýunça her aý çykýan howpsuzlyk täzelenmelerini köpçülige çykardy. Täzelenmeler 82 sany gowşaklyklar, şol sanda 10 örän howply we 72 sany howply gowşaklyklary üçin düzedişleri öz içine alýar.

Hususan-da, mart aýynyň täzelenmeleri ulanyşda bolan 0Day-gowşaklygy (ýada zeper ýetirmek gowşaklygy - CVE-2021-26411) düzedýärler. Mart aýynyň täzelenmeleri Windows ulgamynyň Win32k düzüm böleginde CVE-2021-27077 belgili hukuklary artdyrmak gowşaklygy hem düzedýärler. Beýleki gowşaklyklar Microsoft Windows düzüm böleklerinde, şeýle hem Azure, Azure DevOps we Azure Sphere, Internet Explorer we Edge, Exchange Server, Office, SharePoint Server, Visual Studio we Windows Hyper- V önümlerinde düzedildi.

Çeşme: securitylab.ru

10 Mart 2021

-
78