Apple howpsuzlyk täzelenmelerini çykardy
Apple kompaniýasy önümlerinde birnäçe gowşaklyklary aýyrmak üçin howpsuzlyk täzelenmelerini çykardy. Ýaramaz niýetli ulanyjy nyşana alnan ulgamda hukuklary artdyrmak, spufing amala aşyrmak, uzaklykdan kod ýerine ýetirmek we howpsuzlyk çäklendirmelerden aýlanyp geçmek üçin bu gowşaklyklaryň birnäçesinden peýdalanyp biler. Şeýle hem, Apple kompaniýasy iOS we macOS ulgamlarynda 0-day gowşaklygy (CVE-2022-32917) aýyrdy, bu gowşaklyk zyýanly programmalara ýadronyň hukuklary bilen islendik kod ýerine ýetirmek mümkinçiligini berýär. Apple kompaniýasy bu gowşaklyk (CVE-2022-32917) ulanylýan bolmagy mümkin diýip belleýär.
Ulanyjylara Apple kompaniýanyň aşakda görkezilen önümlerine degişli howpsuzlyk sahypalary bilen tanşyp, gerekli bolan täzelenmeleri gurnamagy maslahat berilýär:
13 Sentýabr 2022