2022-nji ýylyň sentýabr aýynyň Android täzelenmeleri köp sanly gowşaklyklary düzedýärler
Google kompaniýasy 2022-nji ýylyň sentýabr aýynyň howpsuzlyk maslahatyny neşir etdi, bu howpsuzlyk täzelenmeler toplumy köp sanly gowşaklyklary, şol sanda bir sany örän howply gowşaklygy aýyrmak üçin düzedişleri öz içine alýar.
Howpsuzlyk täzelenmeleriniň birinji bölüminiň (2022-09-01) çykmagy bilen jemi 12 sany gowşaklyklar düzedildi. Bu gowşaklyklar Android-programmalary ýerine ýetirmek gurşawynda (Android runtime), Framework, System we Google Play system düzüm böleklerinde düzedildi. Bu gowşaklyklara dokuz sany hukuklary artdyrmak we üç sany maglumatlary aýan etmek gowşaklyklary girýärler.
2022-nji ýylyň sentýabr aýynyň düzedişler toplumynyň ikinji bölümi (2022-09-05) Kernel, Imagination Technologies, MediaTek, Unisoc we Qualcomm düzüm böleklerinde jemi 36 sany gowşaklyklar üçin düzedişleri öz içine alýar.
Şeýle hem, Google kompaniýasy Pixel enjamlary üçin düzedişleri çykaryp, Kernel, Pixel we Qualcomm düzüm böleklerinde köp sanly howpsuzlyk gowşaklyklary aýyrandygy barada habar berdi.
08 Sentýabr 2022