Google kompaniýasy Chrome üçin howpsuzlyk täzelenmesini çykardy
Google kompaniýasy Windows,Mac we Linux ulgamlary üçin Chrome 105.0.5195.102 wersiýasyny çykardy. Bu wersiýa ýaramaz niýetli ulanyjynyň gowşak ulgamy dolandyrmak mümkinçiligini gazanmak üçin ulanyp bilýän gowşaklygy (CVE-2022-3075) aýyrýar. Google kompaniýasy bu gowşaklyk ulanylýan bolmagy mümkin diýip belleýär.
Ulanyjylara Chrome täzelenmesi baradaky habary bilen tanşyp, gerekli bolan täzelenmeleri gurnamagy maslahat berilýär - googleblog.com.
05 Sentýabr 2022