Apple howpsuzlyk täzelenmelerini çykardy
Apple kompaniýasy iPhone 5s, iPhone 6, iPhone 6 Plus, iPad Air, iPad mini 2, iPad mini 3, iPod touch (6-njy nesil) önümleriniň iOS ulgamynda we Safari brauzeriň 0-day gowşaklygyny (CVE-2022-32893) aýyrmak üçin howpsuzlyk täzelenmelerini çykardy. Ýaramaz niýetli ulanyjy nyşana alnan ulgamda uzaklykdan kod ýerine ýetirmek üçin bu gowşaklykdan peýdalanyp biler. Apple kompaniýasy bu gowşaklyk ulanylýan bolmagy mümkin diýip belleýär.
Ulanyjylara Apple kompaniýanyň aşakda görkezilen önümlerine degişli howpsuzlyk sahypalary bilen tanşyp, gerekli bolan täzelenmeleri gurnamagy maslahat berilýär:
02 Sentýabr 2022