Çarşenbe, 09 Iýul 2025

Birnäçe awiakompaniýalar howp astynda galdylar

Düzgün bozujylar Şweýsariýanyň SITA atly maglumat tehnologiýalary boýunça guramasynyň ulgamyny döwdüler. SITA 400 sany guramalara IT we telekommunikasiýa hyzmatlaryny hödürleýär, ýagny dünýä boýunça 90% edaralary üpjün edýär. Kompaniýanyň habaryna görä, ýaramaz niýetli ulanyjylar SITA Passenger Service System serwerlerinde saklanýan ýolagçylar barada maglumatlaryna aralaşyp bildiler. Bu serwerler SITA guramanyň müşderileri bolan awiakompaniýalaryň ýolagçylary barada maglumatlary işläp taýýarlamak ulgamlaryny dolandyrýarlar.

SITA guramanyň habaryna görä, bu kiberhadysa barada bilinmeginden soňra, howpy gowşatmak üçin dessin çäreler görüldi. Häzirki wagtda hadysalara jogap berýän hünärmenler we başga bilermenler ýagdaýa gözegçilik etmegi dowam edýärler.

SITA gurmasyna garşy amala aşyrylan zyýanly hereketiň netijesinde, Malaysia Airlines awiakompaniýanyň 2010 we 2019 ýyllar aralygyndaky maglumatlar alynan bolmagy mümkin diýip hasaplanylýar. Mundan başga-da, şu hepde Singapore Airlines hem meňzeş hadysa barada habar berdi. Singapore Airlines kompaniýasy SITA gurmanyň müşderisi bolmasa-da, ýaramaz niýetli ulanyjylar Star Alliance birleşigi boýunça Singapore Airlines kompaniýanyň hyzmatdaşynyň üsti bilen KrisFlyer we PPS ýeňillik programmalaryna gatnaşyjylaryň maglumatlaryny alyp bildiler.

SITA guramanyň ulgamlary döwülmegi netijesinde, Finnair awiakopmaniýasy hem zyýan çekdi. Netijede, 200 müňe golaý hemişe uçýan ýolagçylarynyň maglumatlary alyndy.

Çeşme: securitylab.ru

09 Mart 2021

-
73