VMware howpsuzlyk täzelenmelerini çykardy
Vmware kompaniýasy VMware Tools önüminde howpsuzlyk gowşaklygy (CVE-2022-31676) aýyrmak üçin howpsuzlyk täzelenmelerini çykardy. VMware bu gowşaklyk üçin howply diýip baha berip, CVSSv3 görkezijisi boýunça 7.0 derejesini berdi. Ýaramaz niýetli ulanyjy gowşak ulgamda hukuklary artdyrmak üçin bu gowşaklykdan peýdalanyp biler. Gowşaklyk VMware Tools 12.x.y, 11.x.y we 10.x.y wersiýalaryna täsir edýär we 12.1.0, 10.3.25 wersiýalarynda düzedildi.
Gowşaklyk we täzelenmeler barada goşmaça maglumaty Vmware howpsuzlyk maslahatynda görüp bilersiňiz – VMSA-2022-0024.
24 Awgust 2022