Google kompaniýasy Chrome üçin howpsuzlyk täzelenmesini çykardy
Google kompaniýasy Chrome 104.0.5112.101 ( Mac/linux) we 104.0.5112.102/101 (Windows) wersiýasyny çykardy. Bu wersiýa ýaramaz niýetli ulanyjynyň gowşak ulgamy dolandyrmak mümkinçiligini gazanmak üçin ulanyp bilýän gowşaklyklary aýyrýar. Bu täzelenme 11 sany howpsuzlyk gowşaklyklary düzedýär, şol sanda ulanyşda bolan 0-day gowşaklygy (CVE-2022-2856) aýyrýar.
Ulanyjylara Chrome täzelenmesi baradaky habary bilen tanşyp, gerekli bolan täzelenmeleri gurnamagy maslahat berilýär – googleblog.com.
17 Awgust 2022