Çarşenbe, 09 Iýul 2025

Microsoft kompaniýasy 2022-nji ýylyň awgust aýynyň howpsuzlyk täzelenmelerini çykardy

Microsoft kompaniýasy programma üpjünçiliginiň birnäçe gowşaklyklaryny aýyrmak üçin howpsuzlyk täzelenmelerini çykardy. Microsoft 2022-nji ýylyň awgust aýynyň «Sişenbe düzedişleriň» çäginde 121 sany gowşaklyklary düzetdi.

Düzedilen gowşaklyklaryň arasyndan 64 sany gowşaklyk – hukuklary artdyrmak, 6 - howpsuzlyk çäklendirmelerinden aýlanyp geçmek, 31 - uzaklykdan kod ýerine ýetirmek, 12 – maglumatlary aýan etmek, 7 - «hyzmat etmekden ýüz öwürmek» ýagdaýyna getirmek we 1 - spufing amala aşyrmak mümkinçilikleri berýärler.

Şeýle hem, 2022-nji ýylyň awgust aýynyň «Sişenbe düzedişleri» iki sany 0-day gowşaklyklary üçin düzedişleri öz içine alýar, bu gowşaklyklar:

CVE-2022-34713 - Microsoft Windows Support Diagnostic Tool (MSDT) düzüm böleginde uzaklykdan kod ýerine ýetirmek gowşaklygy;

CVE-2022-30134 - Microsoft Exchange serweriň maglumatlary aýan etmek gowşaklygy.

Gowşaklyklar we täzelenmeler barada goşmaça maglumaty Microsoft kompaniýanyň 2022-nji ýylyň awgust aýynyň howpsuzlyk täzelenmeleri sahypasynda görüp bilersiňiz microsoft.com.

Çeşme: bleepingcomputer.com

10 Awgust 2022

-
93