Çarşenbe, 09 Iýul 2025

2022-nji ýylyň awgust aýynyň Android täzelenmeleri köp sanly gowşaklyklary düzedýärler

Google kompaniýasy 2022-nji ýylyň awgust aýynyň howpsuzlyk maslahatyny neşir etdi, bu howpsuzlyk täzelenmeler toplumy köp sanly gowşaklyklary, şol sanda bir sany örän howply gowşaklygy aýyrmak üçin düzedişleri öz içine alýar.

Howpsuzlyk täzelenmeleriniň birinji bölüminiň (2022-08-01) çykmagy bilen jemi 17 sany gowşaklyklar düzedildi. Bu gowşaklyklar Framework, Media Framework, System we Google Play system düzüm böleklerinde düzedildi. Bu gowşaklyklara dokuz sany hukuklary artdyrmak, alty sany maglumatlary aýan etmek, bir sany uzaklykdan kod ýerine ýetirmek we bir sany “hyzmat etmekden ýüz öwürmek” mümkinçilikleri berýän gowşaklyklary girýärler.

2022-nji ýylyň awgust aýynyň düzedişler toplumynyň ikinji bölümi (2022-08-05) Kernel, Imagination Technologies, MediaTek, Unisoc we Qualcomm düzüm böleklerinde jemi 19 sany gowşaklyklar üçin düzedişleri öz içine alýar.

Şeýle hem, Google kompaniýasy Pixel enjamlary üçin düzedişleri çykaryp, Kernel we Pixel düzüm böleklerinde köp sanly howpsuzlyk gowşaklyklary aýyrandygy barada habar berdi.

03 Awgust 2022

-
319