Çarşenbe, 09 Iýul 2025

Microsoft kompaniýasy howpsuzlyk täzelenmelerini çykardy

Microsoft kompaniýasy Microsoft Exchange Server 2013, 2016 we 2019 önümlerine täsir edýän gowşaklyklary aýyrmak üçin meýilleşdirilmedik howpsuzlyk täzelenmelerini çykardy. Ýaramaz niýetli ulanyjy uzaklykdan gowşak ulgamy dolandyrmak mümkinçiligi gazanmak üçin üç sany uzakdan kod ýerine ýetirmek gowşaklyklary - CVE-2021-26857, CVE-2021-26858 we CVE-2021-27065, şeýle hem gizlin maglumata girmek mümkinçiligini berýän  CVE-2021-26855 belgili gowşaklygy ulanyp biler. Häzirki wagtda bu gowşaklyklar kiberhadysalarda ulanylýarlar.

Gowşaklyklar we täzelenmeler barada goşmaça maglumaty şu salgy boýunça görüp bilersiňiz: microsoft.com

03 Mart 2021

-
86