Çarşenbe, 09 Iýul 2025

Microsoft kompaniýasy 2022-nji ýylyň iýul aýynyň howpsuzlyk täzelenmelerini çykardy

Microsoft kompaniýasy programma üpjünçiliginiň birnäçe gowşaklyklaryny aýyrmak üçin howpsuzlyk täzelenmelerini çykardy. Microsoft 2022-nji ýylyň iýul aýynyň «Sişenbe düzedişleriň» çäginde 84 sany gowşaklyklary düzetdi.

Düzedilen gowşaklyklaryň arasyndan 52 sany gowşaklyk – hukuklary artdyrmak, 4 - howpsuzlyk çäklendirmelerinden aýlanyp geçmek, 12 - uzaklykdan kod ýerine ýetirmek, 11 – maglumatlary aýan etmek, 5 - «hyzmat etmekden ýüz öwürmek» ýagdaýyna getirmek mümkinçilikleri berýärler.

Şeýle hem, 2022-nji ýylyň iýul aýynyň «Sişenbe düzedişleri» 0-day gowşaklygy üçin düzedişleri öz içine alýar, bu gowşaklyk:

CVE-2022-22047 - Windows CSRSS düzüm böleginiň hukuklary artdyrmak mümkinçiligi berýän gowşaklyk.

Gowşaklyklar we täzelenmeler barada goşmaça maglumaty Microsoft kompaniýanyň 2022-nji ýylyň iýul aýynyň howpsuzlyk täzelenmeleri sahypasynda görüp bilersiňiz microsoft.com.

14 Iýul 2022

-
99